Nuryň saçdyň jemgyýet!
Öz saýaňa alyp, howandar bolup,
Bize ýagty nuryň, saçdyň jemgyýet.
Sen öýden çykaryp, ak ýola salyp,
Bize aýdyň ýoly açdyň jemgyýet.
Bagtly biz, bagtyýar biz, sen bile,
Ruhymyz dikeldip, goşdyň sen ile
Ykbalym durmuşym, öwürüp güle,
Öz araňa alyp, goşdyň jemgyýet.
Okadan öwreden, bilimiň alyp
Şükür Alla ynha, hünärli boldyk,
Bu gün gutlap şanly, toýuňa geldik,
Ganat baglap göge, uçdyň jemgyýet.
Biziň üçin sen köp, işler bitirdiň
Kyn günlerde, göwnimizi göterdiň,
Niçe arzuw, maksatlara ýetirdiň,
Bize ýol görkezýän, başdyň jemgyýet.
85 ýyl dolup, döräniň bäri,
Agzalaň göwni hoş, belentdir seri,
Agzybir jem bolup, gutlanda bary,
Derýa kimin ýene joşdyň jemgyýet.
Neçeleriň köňillerini, şat edip,
Gaýgy-gamy sen aýyrdyň, ýok edip,
Gurbanmyrat tüýs ýürekden, ýat edip,
Taryp edip goşgy, goşdyň jemgyýet.
Gurbanmyrat Satlykow göriş taýdan I topar